KÖŇÜLLERI GALKYNDYRAN FESTIWAL
Ýakynda ýurdumyzda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň II teatr festiwaly tamamlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türki medeniýetiniň halkara guramasyna–TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara gutlagynyň gelip gowuşmagy bu halkara medeni çäresiniň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi. Şoňa görä-de, festiwalyň ilkinji gününden başlap, ýurdumyzyň teatr artistleri dostlukly döwletleriň sungat işgärleri bilen täze döredijilik tejribelerini özleşdirmek hem-de halypalardan ussatlyk okuwlaryny alyşmak ýaly çäreleri bilen utgaşdyryldy. Munuň özi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli sungatymyzyň dünýä medeniýetiň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin edýän tagallalarynyň datly miweleridir.
Festiwalyň ýokary derejede geçirilmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur mümkinçilikler döredildi. Üç gün dowam eden festiwala gatnaşan sahna eserleri ýurdumyzyň naýbaşy teatrlary bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bagtyýar watandaşlarymyza ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara gutlagynda juda jaýdar belleýşi ýaly: «Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly eserleri dünýäniň medeniýet we sungat işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar, artistler üçin ylham çeşmesine öwrüldi».
Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde «2024-nji ýyl-meşhur türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «2024-nji ýyl üçin türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, türkmen we türki dilli halklaryň döredijilik işgärleriniň hyzmatdaşlygyny giň gerimde ösdürmäge täze badalga berdi. Şundan ugur alnyp, halkara teatr festiwalynda Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluna we döredijiligine mirasyna bagyşlanan eserleriň üçüsi: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda teatryň festiwala hödürlän «Pursat», Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň «Akyldar», şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Magtymguly» atly sahna eserleri sungat muşdaklaryna hödürlendi.
Şonuň ýaly hem halkara festiwalynyň çäginde daşary ýurtly sungat işgärleriniň Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň heýkeline hem-de «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumyna, şeýle hem Seýit Jemaleddin taryhy-medeni ýadygärligine gezelençler guraldy.
Halkara festiwalyna TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ykbalyny teatr sungatynyň ösmegine bagyşlan halypa režissýorlar, dramaturglar hem-de meşhur artistleriň onlarçasy bar. Olaryň arsynda TÜRKSOÝ-yň Baş sekretarlygynyň teatrlar bölüminiň başlygy, Azerbaýjanyň at gazanan medeniýet işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Elçin Gafarli, Gazagystan Respublikasynyň Astana şäheriniň «Žastar» teatrynyň çeper ýolbaşçysy, Temirbek Žurgenow adyndaky Gazak milli sungat akademiýasynyň professory, Gazagystanyň halk artisti, Nurkanat Žakypbaý, Özbegistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynyň professory, sungatyöwreniş ylymlarynyň kandidaty, , ÝUNESKO-nyň halkara teatrlar birleşmesiniň agzasy, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň Medeniýet we Bilim işgärleri birleşiginiň agzasy Temur Raşidow, Türkiýe Respublikasynyň Adana şäher teatrynyň çeper ýolbaşçysy, halkara teatrlar birleşiginiň agzasy, sungatyöwreniş ylymlarynyň doktory Mustafa Bal ýaly belli medeniýet we sungat işgärleri geldiler.
Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary dünýäniň teatr sungatynda soňky ýyllarda gazanylan döredijilik täzeliklerine, geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan halypa artistler bilen duşuşyklara beslenen festiwaldan ruhy lezzet aldylar. Teatrlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Halkara festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň maslahatlarynda türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek we kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Dostlukly döwletleriň döredijilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu teatr festiwaly köňülleri birleşdirdi, halklary ýakynlaşdyrdy, sungat işgärleriniň dostlugyny has-da berkleşdirdi.
Festiwalyň çäginde türki dilli halklaryň hödürnamasy esasynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» girizilmegi mynasybetli degişme sahnalaryndan parçalar görkezildi. Munuň özi, türki dilli halklaryň umumy ruhy, dil we medeni birligini dabaralandyrmakda, agzybirligini dabaralandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Daşary ýurtly teatr artistleri we beýleki döredijilik işgärleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelençde boldular. Olar milli medeniýetimiziň taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda bu ýary teatryň döredijilik toparynyň «Kabyl we Habyl» hem-de Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatrynyň «Garajaoglan», Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda teatryň «Akyldar», Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň «Guýy», Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl welaýatynyň Kasymaly Žantoşew adyndaky sazly drama teatrynyň «Ak gämi», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şu teatryň «Pursat», Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň «Magtymguly» Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň «Gelin ýöreýşi» atly sahna oýunlary teatr tomaşaçylaryna hödürlendi.
Festiwalyň emin agzalary jemi sekiz oýna tomaşa edip, olaryň bäşisini ýörite baýraklar bilen sylaglamagy teklip etdiler. Festiwalyň «Iň gowy sahna oýny üçin» atly baş baýragyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry, «Gowy sahna oýny üçin» atly ýörite baýraga Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynyň K.Žantoşew adyndaky sazly-drama teatry, «Teatr sungatynda täze gözlegleri üçin» atly ýörite baýraga Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň Nurmuhan Žantorin adyndaky sazly-drama teatry, «Sahna oýnunda folklor däplerini gowy beýan edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Türkiýe Respublikasynyň Siwas döwlet teatry, «Sahna oýnunda milli däpleri gowy beýan edýändigi üçin» atly ýörite baýraga Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry mynasyp boldy.
Festiwalyň jemleýji güni TÜRKSOÝ-yň teatrlar Geňeşiniň ýolbaşçylarynyň Х mejlisi geçirildi. Onda dostlukly ýurtlaryň teatrlarynyň arsynda geljekki hyzmatdaşlygyň öňe sürülýän ugurlary hem-de bilelikdäki sahna eserlerini goýmak, kinofilmler düşürmek barada maslahatlar edildi. Çykyş edenler Türki halklaryň teatr sungatynda gazanylýan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmagyň, teatr artistleriniň, režissýorlarynyň özara tejribeleri alyşmaklarynyň, biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetli boljakdygy aýratyn bellenildi.
Umuman halkara teatr festiwaly gyzykly sahna oýunlaryna, täsirli wakalara baý boldy. Spektakllar merdana zähmetsöýer watandaşlarymyzyň şowhunly el çarplaryna mynasyp bolup, olary täze döredijilikli zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Festiwalyň çäginde teatr sungatyna ykbalyny baglan meşhur aktýorlardyr halypa teatr işgärleri bilen ýaş artistleriň döredijilik duşuşyklaryny geçirmäge, ussatlyk sapaklaryny gurap, tejribe alyşmaga-da mümkinçilikler döredildi.
Halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylar medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi, halkara teatr gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny aýtýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler!