WEPALYLYGYŇ WE MERTLIGIŇ NUSGASY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat teleýaýlymy bilen bilelikde» «Wepalylygyň we mertligiň nusgasy» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşünden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça edilýän uly tagallalar hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly gymmatly eserinde berilen gürrüňler ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleri hemişe hemişe rowaç almagyny almagyny arzuw etdiler.
