ZEHINLI ÇAGALAR


ZEHINLI ÇAGALAR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalat kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymy hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy, paýtagtymyzdaky 3-nji kitap dükany bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Zehinli çagalar» ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara sowgatlar gowşurdy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalara uly täsir galdyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň gelejegi hakynda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.