KALPLARA SIŇEN PYRAGY


KALPLARA SIŇEN PYRAGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kalplara siňen Pyragy» atly söhbetdeşlik çäresi geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy–öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleriniň üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.