YNANYŞMAK, HORMAT GOÝMAK WE ÖZARA BÄHBITLILIK ÝÖRELGELERI ESASYNDA DEŇHUKUKLY HYZMATDAŞLYGY ILERLEDIP


YNANYŞMAK, HORMAT GOÝMAK WE ÖZARA BÄHBITLILIK ÝÖRELGELERI ESASYNDA DEŇHUKUKLY HYZMATDAŞLYGY ILERLEDIP

Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy

24-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine-«Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.

Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.

«Türkmenistan» gazeti