TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «BRICS GOŞMAK»/«AUTRIÇ» FORMATYNDAKY BRICS SAMMITINDÄKI ÇYKYŞY
(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabry)
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin. Türkmenistan «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirýäris we muny Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleriniň örän zerurdygyna hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini bellemek gerek. Bu merkeziň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýär.
«Türkmenistan» gazeti