TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

24-nji oktýabrda Kazan şäherinde geçýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de iri halkara guramanyň ýolbaşçysy mähirli salamlaşyp, umumy maksatlary we häzirki döwrüň wezipelerini nazara almak bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ikiçäk duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Antoniu Guterrişi Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we şu duşuşygyň netijeleriniň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti