DAÝHAN ZÄHMETINIŇ HÖZIRI
TDDM-niň Döwlet kitaphanasynda Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň işgärleri «Daýhan zähmetiniň höziri» ady bilen söhbetdeşlik geçildi. Bu söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşine uly üns berilýändigi, daýhanlara ýer, suw, dökün bilen üpjün edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berildi. Daýhanlarymyzyň zähmeti netijesinde bazarlarda azyk üpjünçiliginiň bol bolmagyny üpjün edilýär. Bereketli saçaklarymyzda gök we bakja ekinleriniň bollugy gözüňi dokundyrýar.
Bu ugurda daýhanlarymyza oba hojalyk binýadyny ösdürmekde ähli üpjünçilikler döredilýär. Ýurdumyzda Oba hojalyk pudaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk derejede ösdürilip diňe bir içki bazaryna däl, eýsem daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilmegi buýsandyryjy wakalaryň biri bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.