MAGTYMGULY PYRAGY DÜNÝÄ EDEBIÝATYNDA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň sergi binasynda Türki medeniýetiniň halkara gurmasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda» atly maslahaty hem-de kitap-neşir önümleriniň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler TÜRKSOÝ türki halkalaryň medeniýetini, dilini, taryhyny, sungatyny, däplerini we dessurlaryny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda hereket edýän abraýly gurama bolup durýandygy hakynda durup geçdiler hem-de gyrgyz, türk, gazak, özbek dillerinde neşir edilen birnäçe kitap-neşir önümleri bilen tanyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşan myhmanlaryň adyndan Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna gyrgyz, gazak, türk, özbek dillerinde neşir edilen birnäçe kitap-neşir önümlerini sowgat etdiler.