MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE EDEBI MIRAS
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlap «Magtymguly Pyragy hem-de edebi miras» ady bilen kitap sergisini gurnady we söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijili barada giňişleýin gürrüň berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesillerde halallyk, ynsaplylyk, arassa ahlaklylyk, mertlik dogruçyllyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalar göçme kitap sergisi hem ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalar göçme kitap sergisine gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň öwri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.