AHALTEKE ATLARY–MILLETIŇ GUWANJY


AHALTEKE ATLARY–MILLETIŇ GUWANJY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ahalteke atlary–milletiň guwanjy» atly çäre geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem-de Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň dabaraly gowşurylyşy bilen baglanyşykly çäre geçirildi.

Biz hem öz gezegimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlaryny TDMM-niň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga çagyrdyk. Bu çärede çykyş edenler, gamyşgulak bedewlerimize ýurdumyzdaky berilýän ünsüň uludygyny belläp geçilip milli hödürnamanyň gowşurylmagy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Ahalteke bedewler barada ajaýyp maglumatlar aýdyldy.

Çärämiziň ahyrynda «Türkmen aslyýeti ganynda bedew» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisi, çärä gatnaşyjylar üçin, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny almaga giň mümkinçilikleri döretdi.