HALYPALARYŇ MEKDEBI–HALKYŇ RUHY MIRASY
Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewi hatyralap aýdym-sazly dabara geçirildi
Uly ýerine ýetirijilik we döredijilik mekdebini geçen halypalaryň biri hem Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewdir. Gulgeldi ussa, Amangeldi Göni, Kel bagşy ýaly halypalardan tälim alan Täçmämmet Suhangulyýew türkmen saz medeniýetiniň taryhynda öz yzyny goýup giden ussatlaryň biridir. «Hemmämiz», «Azatlyk», «Bag içinde» ýaly aýdym-sazlary döredip, öz halkyna miras goýan halypa halkyň ýüreginde baky orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypalar sarpalanýar, olaryň döredijilik we ýerine ýetirijilik ýollary çuňňur öwrenilýär.
17-nji oktýabrda Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäher medeniýet öýinde «Halypalaryň mekdebi–halkyň ruhy mirasy» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suhangulyýewiň ömri-döredijiligine bagyşlanyldy. Dabara medeniýet-sungat we bilim işgärleri gatnaşdylar. Dabarada halypany hatyralap çykyşlar edildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar halypa goýulýan hormaty ýene bir gezek dabaralandyrdy. Medeniýet öýüniň foýesini milli aýdym-saz sungatyna we ussada bagyşlanan sergi bezedi.

Dabara gatnaşyjylar türkmen aýdym-saz sungatynyň täze derejelere ýetmegi, baýlaşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren, türkmen aýdym-sazlarynyň taryhy ösüşinde mynasyp orun eýeleýän halypalaryň hatyrasyny belende galdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň halk artisti Kyýas Durdyýewiň, Türkmenistanyň Türkmengaz döwlet konserniniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy Täçmyrat Nuryýewiň, Türkmen owazy teleýaýlymynyň halk saz gurallary ansamblynyň bagşylary Şaguly Hojamgulyýewiň, Hojaguly Hojagulyýewiň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň halk saz gurallary ansamblynyň hem-de Türkmenistanyň Türkmengaz döwlet konserniniň halk saz gurallary ansamblynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara aýratyn joşgunly öwüşgin çaýdy.

