MAGTYMGULY PYRAGY, ÇEPER SÖZÜŇ USSADY


MAGTYMGULY PYRAGY, ÇEPER SÖZÜŇ USSADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy, çeper sözüň ussady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde beýik ösüşlere beslenýän häzirki döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyny ylmy esasda öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýandygy, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylmagynyň çäklerinde halkara derejeli çäreler geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de umumadamzat halkyna egsilmejek mirasy goýan dana Pyragynyň adamzadyň aňyna, edep-ekramyna öwrülip giden döredijilik mirasy özüniň köptaraplylygy bilen durmuşyň dürli ugurlaryndan söhbet açýandygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dana Pyragynyň abraý-mertebesini iň ýokary nusgalyk derejede dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.