KITAP–RUHY HAZYNA


KITAP–RUHY HAZYNA

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan «Kitap we kitaphana işi hakynda» söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, halkymyzyň raýatlaryna hem-de medeniýet işgärlerine giňden hyzmat edýär. Munuň özi kitaby özüniň ruhy hazysyna deňeýän halkymyz kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamyny ösüşlerden ösüşe alyp barýan, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.