GURJAKLARYŇ DÜNÝÄSINE GYZYKLY GEZELENÇ


GURJAKLARYŇ DÜNÝÄSINE GYZYKLY GEZELENÇ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylara hyzmat ediş bölümi körpeje okyjylary bilen erteki gahrymanlaryny suratlandyryp ýasalan gurjaklar bilen tanyşdylar. Kitaphanamyzyň hünärmenleri gurjaklar esasynda gysgajyk sahna oýunlaryny gurnadylar. Gyzyklyja sahna oýunlary çagajyklarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sahna oýunlarynyň üsti bilen körpejelere dogruçyl bolmak, dosta wepaly bolmak, adalatly bolmak ýaly oňat gylyk-häsiýetler ündeldi. Sahnanyň soňunda oňat häsiýetli gahrymanlaryň erbet häsiýetli gahrymanlardan üstün çykmagy çagajyklarda ýakymly duýgulary döretdi. Türkmen we daşary ýurt dillerindäki ertekiler hem-de gurjaklar esasynda gurnalan sergi hem olarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Çagajyklar gurjaklaryň ýasalyşy, hereketlendirilişi, seslendirilişi bilen ýakyndan gyzyklandylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän, halkymyza eşretli durmuşy bagyş edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.