ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY


ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY MEDENIÝET GÜNLERI TAMAMLANDY

29-njy oktýabrda paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler.

Ermenistanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ony üstünlikli geçirmek üçin ýurdumyza gelen myhmanlara iň gowy konsert zallary we teatr sahnalary hödürlenildi. Kino sungatynyň muşdaklary üçin dostlukly ýurduň kinematograflary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň, multfilmleriň görkezilişleri guraldy. Şolaryň hatarynda meşhur aktýor Frunzik Mkrtçýanyň keşp janlandyran «Aýrik» («Kaka») we «Şarpyk» atly belli filmler hem bar.

Türkmen tarapynyň taýýarlan medeni maksatnamasynyň çäklerinde ermeni wekiliýetiniň agzalary taryhy ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.

«Türkmenistan» gazeti