GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITAPLARY ÝAŞLARA GÖRELDE MEKDEPDIR


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ KITAPLARY ÝAŞLARA GÖRELDE MEKDEPDIR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary ýaşlara görelde mekdepdir» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi. Ylym-bilimiň kämil ýolundaky talyplaryň ýürekleri buýsançdan kalplary joşgundan doly. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüldi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.