ARKADAG ŞÄHERI WATANYŇ ŞAN-ŞÖHRATY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arkadag şäheri Watanyň şan-şöhraty» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ýeten belent derejeleri, gazanan üstünlikleri barada belläp, ýurdumyzyň iň bir owadan künjeginde gojaman Köpetdagy etekläp oturan, sebitde ilkinji «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp Arkadag şäheriniň waspy giňden beýan edilýändigini, Arkadag şäheri häzirki wagtda bagtly ýaşaýşyň gaýnap joşýan ýeri-ne öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bu akylly şäherde sanly tehnologiýaly, innowasion mümkinçilikleri bolan, multimedialaşdyrylan «akylly» binalar amatlylygy, ygtybarlygy bilen Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar we tämiz howasy hem-de ähli amatlyklarydyr mümkinçilikleri özünde jemleýän bu «akylly» şäher bagtyýar şu günüň hem-de geljegiň şäheridir diýip buýsanç bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.