TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunuň bilen birlikde, Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, Russiýa bilen köpugurly görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz RF-niň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen XVI BRICS sammitiniň ýokary derejesini we ähmiýetini belläp, onuň döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolandygyny aýtdy.

«Türkmenistan» gazeti