YLHAM BERÝÄR BIZE DANA PYRAGY


YLHAM BERÝÄR BIZE DANA PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda «Ylham berýär bize Dana Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy bu günki gün her bir halk üçin «Ýürek arzuwlaryndan söz açýan» şahyra öwrülendigi, şahyryň pelsepä eýlenen paýhasly pikirleri durmuş şamçyragy bolup, adamzadyň geljege barýan ýollaryna ýagty salýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldaryň goşgulary durmuşylygy, agraslygy bilen tapawutlanyp şygryýeti söýüjileriň ýüreklerinde ebedilik orun alyp, islendik adama ylham berýändigini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda beýik söz ussatlarymyza belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.