SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK


SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly kitaphana synyny geçirdi.

Kitaphana synynda çykyş edenler ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak durmuş-ykdysady syýasatyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Sagdynlyk, berk bedenlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga kömek edýär. Saglyk–bu bahasyna ýetip bolmajak her bir adamyň, maşgalanyň, şol sanda jemgyýetiň baýlygydyr. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülip giden «Saglygyň gadryn bilgil hassa bolmazdan burun» setirlerinde-de saglygyň ähli zatdan ileri tutulýandygy nygtalýar. Saglygy saklamakda, berkitmekde sportyň, bedenterbiýäniň ähmiýeti örän ulydyr diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.

Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda saglygy goraýyş edaralarynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän tehnologiýalary gurlup ulanmaga berilip, halkyň saglygyny goramakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.