MAGTYMGULY PYRAGY KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY


MAGTYMGULY PYRAGY KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy» atly göçme kitap sergisi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many–mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün nesiller üçin hem uly durmuş mekdebidir. Magtymguly Pyragy mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesliň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär. Şonuň üçin hem şahyryň halkymyza mahsus belent häsiýetleri, ýokary adamkärçilik sypatlary wasp edýän döredijiligi türkmen halkymyzyň genji-hazynasy bolup durýar.

Çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri talyp ýaşlara türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.