GÖZELLIK HEM NEPISLIK SIŇEN KEŞDELER
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Gözellik hem nepislik siňen keşdeler» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen zenanlary irki döwürlerden bäri lybaslary keşde bilen bezäp geýmeklige uly üns beripdir. Olar diňe bir egin-eşikleri däl, eýsem hojalykda ulanylýan dürli esbaplary hem keşdeläpdirler. Türkmen halkynyň döreden milli, medeni gymmatlyklarynyň arasynda keşdeçilige mynasyp orun degişlidir. Çünki el senedi irginsiz zähmeti, sabyrlylygy, zehini, ukyp-başarnyklylygy, döredijiligi talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, keşdeçiligiň sungat derejesine ýetirilmegine ýokary baha berýänligi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle bagtyýar durmuşda türkmen keşdeçilik sungatynyň barha kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi we tutuş dünýä ýüzüne ýaýylmagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.