BOL HASYL RYSGAL-BEREKET
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bol hasyl rysgal-bereket» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dogrusynda, ýurdumyzda azyk bolçulygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş eden kärdeşlerimiz we myhmanlarymyz Hasyl toýy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde edýän aladalaryna minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Ýurdumyzda azyk harytlarynyň köpeldilmegi, hasylyň bolçulygyny üpçin etmekde edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il ýurt bähbitli, halk ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!