BERKARARLYK ŞYGARY–MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde «Berkararlyk şygary–Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy , erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredip berilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri hem çagalara Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalar kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.