KÖŇÜLLERIŇ ŞAHYRY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy talyplaryň gatnaşmagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijili hakynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Akyldar şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen halkynyň taryhyndaky, medeni-edebi durmuşyndaky ornunyň bakydygy hakynda täsirli gürrüň edildi. Ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýän şygyrlary biziň her birimiziň kalbymyza beýik ynam, aňymyza edep mekdebi, göreçlerimize öçmejek nur bolup çaýylýar. Ol mertligi, batyrlygy, watançylygy, söýgini wasp edýän hyjuwly şahyr, başarjaň terbiýeçi, wagyz-nesihatçy hökmünde ýaş nesliň kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň medeniýetiniň, terbiýeçilik mekdebiniň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.