TÜRKMENISTANYŇ AGRAR PARTIÝASYNYŇ IV GURULTAÝY
4-nji noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinden we Arkadag şäherinden köp sanly wekiliýetler-oba hojalyk pudagynyň wekilleri Aşgabada geldiler. Şeýle hem forumyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Gurultaý başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň hasabaty diňlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy. Agrar partiýa milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan oba hojalygynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine, daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler pudakda guwandyryjy netijeleri berýär. Nygtalyşy ýaly, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
«Türkmenistan» gazeti