SUNGATY YKBAL EDINEN
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Grigoriý Markowiç Arakelýanyň doglan güniniň 130 ýyllygyna bagyşlap «Sungaty ykbal edinen» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar professional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar» diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Grigoriý Markowiç Arakelýanyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Onuň döredijilik ykbaly Türkmenistanyň saz medeniýeti bilen berk baglanyşyklydyr. Grigoriý Markowiç Arakelýan türkmen halk saz gurallaryny kämilleşdirmek boýunça uly işleri amala aşyran, Türkmenistanda ilkinji simfoniki we halk saz gurallary orkestrlerini döreden görnükli kompozitor we drižýordyr.
1929-njy ýylda G.M.Arakelýan ýolbaşçylyk edýän A.S.Puşkin adyndaky teatrynyň orkestrini ýurdumyzyň radiokomitetine geçirilýär. Onuň başlangyjy bilen drama teatrynyň kiçijek orkestri tiz wagtdan giňeldilýär we simfoniki orkestre öwrülýär. Bu Türkmenistan döwletiniň taryhynda ilkinji simfoniki orkestrdir. Ol hökmany suratda konsertiň meýilnamalaryna sazyň täsirli dili bilen Türkmenistan barada gürrüň berýän eserleri goşupdyr. Çäräniň dowamynda sungata ýaňy gadam basan konserwatoriýanyň dürli ugurlarynda okap bilim alýan talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan Grigoriý Markowiç Arakelýanyň ençeme saz eserleriniň golýazmalary barada soraglary alyşdylar. Olaryň arasynda simfoniki orkestr üçin «Türkmenistanyň äheňleri», halk saz gurallary üçin «Tans sýuitasy» we «Türkmen temalaryna» uwertýura, kirişli saz gurallary üçin kwartet, skripka, wiolonçel we fortepiano üçin «Ýatlama» triosy, halk tans ansambly üçin «Baýramçylyk tansy», «Ýaşlar walsy» ýaly eserleri kompozitoryň döreden eserleriniň arasynda has bellileridigini aýtmak bolar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.