ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA DOSTLUKLY GATNAŞYKLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk syýasatynyň ýörelgesiniň esasynda dost-doganlyk döwletleriň arasynda bilim tejribeligimizi kämilleşdirmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär. Munuň mysalynda 2024-nji ýylyň 5-11-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda Eýran Yslam Respublikasynyň miniatýura we altyn çaýmak sungaty boýunça hünär ussatlyk sapaklaryň geçirilişi üstünlikli başlandy. Ussatlyk sapagy Eýran Yslam Respublikasynyň ökde hünärmenleri, zenan suratkeşleri-miniatýura boýunça Haşemi Saýdehsahar we altyn çaýmak bezegi boýunça Hosenian Najmeh tarapyndan geçiriler. Miniatýura sungatynyň täsirinden ylham almak maksady bilen, Eýranly ussat zenan suratkeşleriň döredijilik sergileri gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk ugrunyň möhüm şahalarynyň biri bolan miniatýura we grafika sungatynyň kalligrafiýa ugurlary öwrenilýär. Bilşimiz ýaly, miniatýura sungatynyň irki döwürden gaýdyp, şu günki günde-de öz ähmiýetini ýitirenok. Orta asyrlarda dörän bu sungat esasan kitap bezeg sungaty bilen baglanyşykly bolup, öz içine hem hatdatlyk ýa-da kalligrafiýa ýaly nepis we çeperçilik taýdan ýokary ussatlygy talap edýän sungaty bilen sazlaşykda ýerine ýetirilýär.

Türkmeniň beýik geçmiş taryhyna ser salamyzda Gündogar miniatýura sungatynda Seljuk türkmenleriň ýoly, Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň taryhyň belli döwürleriň dowamynda Günorta we Günbatar Eýranda we beýleki döredilen miniatýuralar topary ylmy edebiýatlarda «Türkmen äheňi», «Türkmen ýoly» diýilip adalga eýe boldy. Daşary ýurtly we türkmen gündogarşynas alymlary miniatýura sungatynyň hat ýazuw ulgamynyň ösüşi bilen bilelikde öwrenip, şol döwrüň ähmiýetli miniatýura mekdeplerini ýüze çykardylar. Olaryň iň görnüklisi Şiraz we Töwriz mekdepleri bolup, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde golýazma kitaplarynyň içinde miniatýura suratlaryny çekmek boýunça özboluşly türkmen ýolunyň bolandygyny subut edýär. Häzirki günde bolsa nakgaşçylygyň özbaşdak sungaty hökmünde kemala gelen miniatýura sungaty, kämil eserler bilen meşhurlyk gazanýar.
Çeperçilik akademiýasynda geçiriljek ussatlyk sapagynda bolsa, miniatýuranyň we hatdatlyk hem-de altyn çaýmak ýaly nepis sungatlaryň gadymdan gelýän däpleriň saklanylyşy, olaryň gelip çykyş taryhy, aýratyn inçe syrly tehnologiýasy, ýerine ýetiriliş tehnikasy, miniatýura taslamasynyň dogry çözülişi, miniatýura sungatyna degişli eserlerde bar bolan ösümlik nagyşlary öwrenmek we eserde ýerlikli ýerleşdirmek, ulanylýan gurallary bilen tanyşlyk şeýle-de gadymy eserlerden we häzirki zaman ussatlaryndan sapak bermek ýaly usullaryň we maglumatlaryň öwrenilmegi bilen bilelikde, amaly we tejribe sapaklaryň geçirilmegi meýilleşdirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň ussat hünärmenleri tarapyndan gurnalan hünär ussatlyk sapagynda hepdäniň dowamynda çeperçilik akademiýasynyň talyp-ýaşlarynyň alan nazary we tejribe başarnyklary ýagny, döredilen özbaşdak döredijilik işleriň sergisinde synlamak bolar. Şonuň üçin, biz talyplarymyza türkmen miniatýura sungatyny we altyn çaýyp bezemek sungatyny dabaralandyrjak eserleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!