ŞIRIN OWAZLAR SAZLAŞANDA...


ŞIRIN OWAZLAR SAZLAŞANDA...

Magtymguly adyndaky türkmen sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Röwşen Nepesowyň eserlerinden düzülen konsert uly üstünliklere beslendi. Tomaşaçylaryň el çarpyşmagy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Aşgabadyň kameratasy» orkestriniň giňeldilen düzümli topary sahna çykdy. Soňra bolsa, ekranda görkezilen wideo şekilde Röwşen Nepesow «Saz näme?» diýen soraga: «Ýaşaýyş, ylham, dileg» diýip jogap berdi. Ol öz köptaraply we giň dünýägaraýyşly, millilige ýugrulan döredijiligi bilen halkymyzyň kalbynda orun aldy. kompozitoryň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdi. Şeýle hem Röwşen Nepesow sözlän sözünde halypalar Rejep Allaýarowy, Rejep Rejepowy, Nury Muhadowy, öz kakasy-ýazyjy Öwezdurdy Nepesowy we ejesi Miwe Nepesowany uly hormat bilen ýatlady, olara alkyş aýtdy. Begendirýän ýeri bolsa, konsert agşamy ýurdumyzyň belli sazandasy we kompozitory Röwşen Nepsesowyň doglan gününde «Aşgabadyň kameratasyna» hut özüniň dirižýorlyk etmegidir. Döredijilik agşamyny şeýle owadan, peýzažly we özboluşly mazmunly wideo şekiller bezedi. Konsert tomaşaçylary näzik perdelere alyp gidýän «Türkmen sýuitasy» bilen açyldy.

Soňra konsert kompozitoryň dosty, Özbegistanyň kamera orkestriniň ýolbaşçysy Anwar Raimjana bagyşlanan «Gündogar walsy» bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewanyň çyn ýürekden, mylaýym ýerine ýetirmegindäki Abdul-Baha Abbasyň sözlerine döredilen «Dileg» aýdymy awtoryň döredijiliginiň juda çuň we inçe taraplaryny tomaşaçylara ýetirdi.

Kompozitor Alfred Şnitke bagyşlanan «Zero» atly üç bölümli simfoniýasy bolsa, adaty bolmadyk öwşginlere beslendi. Sebäbi awtor Şnitkeniň sözlerini tomaşaçylara ýetirmek bilen şeýle diýdi: «Adamzat elmydama nol sandan ýokary galmaga ymtylýar (ýagny «zero» şol basgançak). Ýöne munuň üçin gaty köp zähmet çekmek gerek, diňe şonda nol sanda durup bolar, eger-de tersine zähmet çekmeseň şol sandan hem aşak düşmek mümkindir». Simfoniýada saz diliniň «polistilistika» düzgüni ulanylýar.

Röwşen Nepesowyň «Duýgularyň mozaikasy» eseri Bahram Dolyýewe bagyşlanýar we adaty bolmadyk duýgular bilen, ynsan baradaky çuňňur oý-pikirler ummanyny döredýär. Bu filosofiki eseriň maksady her bir diňleýjiniň özüçe kabul etmeginden ybaratdyr, özi hakdaky pikirler bolýar. Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Abadan Meredowanyň bütin konsertiň dowamynda fortepianoda sazandarlyk etmegi juda buýsandyryjydyr. Ýaş sazandanyň ussatlyk bilen «Duýgularyň mozaikasynda» mylaýym we näzik orkestr bilen sazlaşykly ýerine ýetirmegi diňleýjileri has-da özüne çekdi.

Röwşen Nepesowyň hut özüniň roýalyň başyna geçip, «Ýagyşly gün» sazyny orkestr bilen bilelikde çalmagy konsertiň bezegi boldy.

Konsertiň dowamynda kompozitor üstünde işläp oturan «Küştdepdi» eseri barada gürrüň berdi. «Küştdepdi» asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýetdi, ol Ýuneskonyň «adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň» hataryna girdi. Bu tans türkmen halkymyzyň milli gymmatlygydyr.

Konsertiň jemleýji eserleri üç sany ajaýyp sazlar boldy. «Ejeme» atly sazyň soňunda kompozitoryň ejesiniň wideo şekilleri görkezildi. Bu konserte gatnaşyjylarda tolgunma döretdi.

Džaz stilinde ýaňlanan saz kompozisiýasy «Kiparis» atly eseri bolsa, tomaşaçylar uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Awtoryň «Pyragy» atly eseri konsertiň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli döredijiliginiň, pähim-paýhasa beslenen her bir setirini açyp görkezmek bilen bagly boldy. Bu konsertiň örän saldamly bölegine öwrüldi.

Konsertde ýerine ýetirilen şirin owazlar diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy.



Gülşirin ÇARYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň mugallymy