HASYL TOÝY–BEREKEDIŇ TOÝY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hasyl toýy mynasybetli «Hasyl toýy–berekediň toýy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba senagat toplumynyň döwrebap ösdürilmegine ähli şertler döredilýändigi, ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy agzybirligiň, berekediň, bolçulygyň toýudygy, daýhanyň yhlasly işlemegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändigi we türkmen topragyna siňdiren päk zähmetine döwletimiz tarapyndan goýulýan sarpanyň uludygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.