USSAT KOMPOZITOR REJEP REJEPOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI...
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, zehinli kompozitor Rejep Rejepowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Şemşat Annagylyjowanyň gurnamagynda we alyp barmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ussat kompozitoryň gaýtalanmajak sungat ýoluna bagyşlanan duşuşyga diňe bir Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşman eýsem, ussat kompozitory ýakyndan tanan we onuň eserlerini ýerine ýetiren halypalar Türkmenistanyň halk artistleri Anna Meläýew we Arslan Atdanow dagylar hem gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» kafedrasynyň müdiri Kerim Garowowa söz berildi. Halypa mugallym zehinli kompozitor Rejep Rejepow bilen bile işlän günlerini ýatlap gyzykly gürrüňler berdi. Soňra «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň müdiri Şemşat Annagylyjowanyň taýýarlan, kompozitoryň döredijilik ýoluna degişli bolan wideo ýazgylar görkezildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Arslan Atdanow çykyş edip, halypa Rejep Rejepowyň bize miras galdyran «Daş galdy», «Humaý gözli», «Deňeýän», «Saňa», «Armanym galdy», «Ýalňyz ýoda», «Gözledim seni» ýaly owadan aýdymlary barada bellemek bilen, olaryň içinden «Gözledim seni» aýdymyna hiňlenip bermegi has-da täsirli boldy. Soňra duşuşykda ussat kompozitor bilen birnäçe ýyl bile işlän, ýakyn dost bolan we Türkmen milli konserwatoriýasynda birnäçe ýyl zähmet çeken, Rimskiý Korsakow adyndaky konserwatoriýasynyň professory, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Wladimir Gureýewiçiň, zehinli kompozitor Rejep Rejepow baradaky ýatlamalaryny wideo ýazgynyň üsti bilen tomaşaçylara ýetirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda kompozitoryň «Öz obamyň adamlary», «Gelin», «Jemalyň daragty» ýaly kinofilmlere ýazan sazlary gysgaça wideo parçalaryň üsti bilen diňlenildi. Bu bolsa duşuşyga gatnaşýan myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Soňra ussat halypa Rejep Rejepowyň sungat ýoly bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňleri bermek üçin, Türkmenistanyň halk artisti, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady Anna Meläýewe söz berildi. Ol öz çykyşynda zehinli kompozitoryň kinofilmlere ýazan sazlary hem-de onuň bilen bile işlän ýyllaryndaky ýatlamalaryny duşuşyga gatnaşýan myhmanlar bilen paýlaşdy.
Türkmen halky öz milli gymmatlyklaryna hormat, sarpa goýýan halk. Halypa kompozitor Rejep Rejepow hem türkmeniň milli saz sungatynda öçmejek yz goýan gymmatlygymyz bolup, ýüreklerde baky ýaşar.