DUTARA DIL BITIREN HALYPA


DUTARA DIL BITIREN HALYPA

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran halypa bagşy-sazandalaryň sarpasy belentde tutulýar. Olaryň ömri-döredijiliginiň wagyz edilmegi, ýerine ýetiren aýdym-sazlarynyň dünýä ýaýylmagy ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, teşne kalplary şirin mukamlar bilen gandyrmagy başaran Jepbar Hansähedow halk arasynda tanymal sazanda hökmünde giňden tanalýar. Ezber sazandanyň çalan «Gökdepe mukamy», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli», «Berkeli çokaý», «Zybagözel», «Tomagaly», «Şirin-şeker», «Ýandym gyrk», «Keçeli gyrk» ýaly şirin mukamlary köňüllere ylham çeşmesi bolup, aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanyp gelýär. Gursagynda döredijilik joşguny joş alan sazandanyň döreden «Joşgun» atly mukamy, «Pagtaçy gyz», «Söýýärin», «Bu parahatçylyk» ýaly aýdymlary bize baky miras bolup galdy.

Ýaňy ýakynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk bagşysy Jepbar Hansähedowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan «Dutara dil bitiren halypa» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Aýdym-sazly dabara medeniýet-sungat işgärleri, bagşy-sazandalar, mugallymlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ussat sazandanyň manyly ömri, saz sungatyndaky tapylgysyz mirasy, ýerine ýetiren sazlary, halypalyk ýoly barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Änew şäher medeniýet öýünde halypa sazanda bagyşlanyp gurnalan sergi dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir döretdi. Dabarada halypanyň ýerine ýetiren sazlary hem-de bagşylar Türkmenistanyň at gazanan artistleri Altymyrat Pürmämmedowyň, Ogulmeňli Muhamowanyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Çarymyrat Ahunowyň, «Çalsana bagşy» bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Bäşimowyň, Ahal welaýat medeniýet merkeziniň aýdymçysy Gülşöhle Orazsähedowanyň hem-de Ahal welaýat birleşen halk saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar ýurdumyzda halypa hormatynyň belentdigini giňden äşgär etdi.

Dabarada çykyş edenler milli aýdym we saz sungatymyzy ösdürmekde mynasyp orun eýeleýän halypa bagşy-sazandalarymyzyň sarpasyny belende göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, durmuşa geçirýän döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.



MADDY DÄL MEDENI MIRAS MÜDIRLIGI