WENA BALYŇ AJAÝYPDYR MUKAMY


WENA BALYŇ AJAÝYPDYR MUKAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň meýdançasynda Neda Bergeriň «Söýýän seni, Türkmenistan»! atly goşgylar ýygyndysy kitaby bilen tanyşdyryş dabarasy we aýdym-sazly söhbetdeşlik çäre gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli medeni, edebi we taryhy mirasy dünýä ýaýylýar.

Her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen tanalýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Neda Bergeriň elimizdäki goşgylar kitabynyň ýygyndysynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä beýik işlerini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany, gözel paýtagtymyz Aşgabady hem-de sebit-de ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherini wasp edýän şygyrlary ýerleşdirilipdir.

Kitabyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy we şol dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde N.Bergeriň goşan uly goşandy hakynda dürdäne sözler getirilýär.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän festiwallar, Medeniýet günleri, we konsertler hoşniýetli halkara gatnaşyklary berkitmekde medeniýet we sungat işgärlerine uly badalga berýändigi barada bellenip geçilýär./b>

Türkmen–awstriýa jemgyýetiniň, hususan-da, hanym Neda Bergeriň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda Wena ballarynyň geçirilmegi ýola goýuldy. Bu konserdiň Paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylýan aýdym-saz agşamynda, Birleşen hor topary bilen bilelikde mekdebimiziň hem «Ruhubelent çagalar» hor toparynyň hem çykyş edýändiklerini belläp geçdiler.

Çärä gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän, belent sepgitlere ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.