KITAP-DÜNÝÄNIŇ AÇARY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag şäheriniň medeniýet müdirligi, Arkadag şäheriniň bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirýeti bilen bilelikde guramagynda «Kitap-dünýäniň açary» atly neşir önümleriniň sergisiniň, ylmy-amaly maslahatynyň, kitap şüweleňiniň hem-de söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi.
Dabaranyň özenini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle hem birnäçe görnükli ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinde ybarat bolan sergiler düzdi. Mundan başga-da Arkadag şäheriniň 6-njy hem-de 9-njy çagalar bakja bagynda terbiýelenýän körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeginde joşgunly goşgy setirleri diňlenildi. Körpeler hem özleriniň söýýän ertekileri bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar watanymyzyň geljegi bolan nesillerimiz hakyndaky edilýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.