Halkara syýahatçylykda Goňurdepe ýadygärliginiň orny
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýahatçylygyň dürli görnüşleriniň, şol sanda halkara syýahatçylygynyň tutuş ulgamy çalt depginde ösýär.
Geçmişde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy geçelgesi bolan Maru-şahu-jahanyň ady Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe-de äleme dolýar.
Ol halkara maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülip, bu ýere dünýäniň çar künjeginden myhmanlar, bilermenler, alymlar gelýärler.
Syýahat maksatly ýadygärlikleriň sany boýunça gadymy Merw ýurdumyzyň iň bir ähmiýetli desgalaryň jemlenen ýeri bolup durýar. Bu ýerde bürünç döwürlerden başlap giçki orta asyrlara degişli gadymy şäher harabaçylyklary saklanyp galypdyr.
Bir tarapy Garagum çöli, bir tarapy Murgap derýasy, müňýyllyklaryň dowamynda ägirt uly soltanlyklaryň oturymly ýerleri bolan Mary welaýaty dünýä belli ýadygärliklere baý welaýatlaryň biridir. ÝUNESKO-nyň sanawyna girýän gadymy Merwde Goňurdepe Kanadanyň, Ýaponiýanyň, Ýewropa döwletleriniň jahankeşdelerini özüne çekýär.
Alymlar tarapyndan bäşinji siwilizasiýa diýlip yglan edilen Goňurdepe ýadygärligi göreni haýran edýär. Ýadygärlik häzirki wagtda halkyň öz taryhy we medeni köklerini bilmegi we öwrenmegi babatda ähmiýetli bolup, syýahatçylyk taýdan hem wajypdyr.
Goňurdepe b.e.ö. III-II müňýyllyklara degişli bolan taryhy ýadygärlik bolup, ol Behistun ýazgylarynda Marguş ýurdy hökmünde agzalyp geçilýär.
Taryhy arheologiki ýadygärligi Goňurdepe ýurdumyzda bürünç eýýamyna degişli iň uly şäher bolmak bilen bir hatarda sebit we dünýä siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň we ylmynyň taryhy taýdan hem ähmiýetlidir.
Goňurdepede geçirilen ylmy barlag işleri, türkmen topragyny müňlerçe ýyldan bäri suwaryp gelýän Murgap derýasynyň kenarlarynyň 5000 ýyl mundan ozal medeniýetiň we sungatyň gülläp ösen merkezi bolandygyny subut etdi. Bu gadymy şäher, öz dini, sungaty we arhitektura taýdan tapawutlylyklary bilen dünýä siwilizasiýasynda öz wajyp ornuny tapdy.
Goňurdepe ülkämiziň syýahatçylyk taýdan ähmiýetli iň uly taryhy ýadygärligi bolmak bilen bir hatarda ol halkymyzyň medeni mirasynyň taryhynyň baýdygyny we köpdürliligini, kökleriniň taryhda döreden medeniýetlerine daýanýandygyny we onuň, dünýä medeniýetine we ylmyna uly goşant goşandygyny görkezýär. Bu ýere gelip gören daşary ýurtly syýahatçylar özleri üçin täze dünýäni we täsin medeniýeti açýarlar.
Goňurdepe ýadygärliginiň syýahatçylygyň ösmeginde tutýan orny aýratyndyr.