KITAP-BILIMIŇ AÇARY
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap-bilimiň açary» atly göçme kitap sergisi geçirildi.
Kitap egsilmez hazyna. Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu günüň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýyşa, durmuşa bolan gözýetimi giňeýär. Ynsanyň ruhyna täsir edýän kitaby okamaklygyň netijesinde gaýratly, edepli, Watanyny, zähmeti söýýän, däp-dessurlara uýýan, ynsanperwer, kanagatly, pespälli, tutanýerli, sagdyn, halal häsiýetli adamlar kemala gelýär. Kitap munuň özi milli ruh, geçmiş, şu gün we ertir baradaky umumadamzat pelsepesidir, ylmy açyşlaryň açarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz üçin gymmatly gollanma. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrüldi.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik özgertmeleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurdumyz bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.