MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ SÖZLERINE ÝERINE ÝETIRILÝÄN AÝDYMLARDAN DÜZÜLEN KONSERT GEÇIRILDI


MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ SÖZLERINE ÝERINE ÝETIRILÝÄN AÝDYMLARDAN DÜZÜLEN KONSERT GEÇIRILDI

«Magtymguly sözlerim saza goşsaň, uz bolar» diýen dürdäne setirlerine salgylanyp, beýik şahyryň many-mazmuna ýugrulan goşgularyny halk bagşylarymyz dutar heňine goşup, ajaýyp gözelligi döretmegi başarypdyrlar.

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ahyrlap barýan günlerinde, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly senesiniň jeminiň jemlenmegi mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň akyldar şahyrymyzyň goşgularyna düzülen aýdymlaryndan ybarat bolan konserti geçirildi. Dabaraly konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň alyp barmagynda has-da täsirli boldy. Bu çärä Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor mugallymlary we talyp-ýaşlary gatnaşdylar.

Konsertiň başynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy we onuň öwüt-ündew temadaky goşgularynyň ýaş nesillere terbiýe bermekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň edildi.

Konsertiň dowamynda Garýagdy Saryýewiň Magtymguly Pyragynyň «Keremli ýoldaşyň galar», «Ädijek sen», «Näler boldy», «Dünýe», «Aýyrma» we başga-da birnäçe ajaýyp goşgy setirlerine döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi ýatdan çykmajak pursatlara eýe boldy. Dabaraly konsertiň ýene-de bir bellemeli aýratynlyklarynyň biri, Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň gadymy salyr-saryk bagşyçylyk ýoluna mahsus bolan heňlere hem-de belli Türkmen halk aýdymlarynyň sazlaryna salyp ýerine ýetirilmegi dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredip, diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Konsertiň ahyrynda dabara gatnaşyjylar dana Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna çäksiz sarpa goýýan, milli aýdym-saz sungatymyzyň, halypa-şägirtlik ýolunyň ösmeginde ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.



Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby