ENE TOPRAK–HAZYNA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Ene toprak–hazyna» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri, şeýle-de toprakçylyk, oba hojalyk pudagy bilen bagly edebiýatlar, döwürleýin neşirlerdäki makalalar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny tapmaga mümkinçilik döredildi.
Ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamyny kämilleşdirmäge döredýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunmyzy aýdýarys!