MAGTYMGULY PYRAGY-SÖZ ŞALYGYNYŇ SOLTANY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy-söz şalygynyň soltany» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäräniň dowamynda şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulyp, şahyryň egsilmez ruhy hazynasy özünden soňky nesillere, halka, ata Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.