KITAP-ÝAŞAÝŞYMYZYŇ BEZEGI


KITAP-ÝAŞAÝŞYMYZYŇ BEZEGI

Berdimuhammet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Kitap-ýaşaýşymyzyň bezegi» atly gezelenç geçirildi.

Gezelençde halkymyzda ylmyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Ýaşlarda kitaby okamaga höwes döretmek, olaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolmagy üçin giň mümkinçilikler bar. Esasan hem kitaphanaçylyk işleri ösdürilýär, elektron kitaplar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa okyjylar, esasan, ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Biziň hem ylymlaryň–bilimleriň ojagy bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň mümkinçilikleri bilen talyp ýaşlarymyzy tanyşdyrdyk. Bu ýerde talyplar ýaşlara dürli pudaklara, edebiýatlara degişli eserler bilen hem-de kitaphanamyzyň içiniň aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar talyp ýaşlarymyza okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.