JEÝHUNDAN JOŞ ALÝAN SUNGAT


JEÝHUNDAN JOŞ ALÝAN SUNGAT

20-nji noýabrda Türkmen-özbek sebitara forumynyň we onuň çäklerindäki serginiň ilkinji güni Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen dostluk konserti bilen utgaşdy.

Dostluk konsertine gatnaşmak üçin goňşy ýurtdan köp sanly meşhur ýerine ýetirijiler, şol sanda «Makom» we «Nawruz» aýdym-saz, tans toparlary, iri teatrlaryň sahna ussatlary Türkmenabat şäherine geldiler. Olar bilen bilelikde ýurdumyzyň gündogar sebitiniň aýdymçy-sazandalary, «Lebap», «Amul», «Çapak» tans toparlary konsertde çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda döwürleriň sazlaşygynyň emele getirilmegi tomaşaçylaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşan tans toparlary türkmen milli küştdepdi tansyny, özbek halkyna mahsus läzgi tansyny bilelikde ýerine ýetirdiler. Gijagşama çenli dowam eden bu sungat çäresi dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň hem özboluşly jemlenmesine öwrüldi.