TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILLERINI KABUL ETDI
25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniňmilli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi.
Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň BAE bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýar.
«Türkmenistan» gazeti