TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmek, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmak meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu işler döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy şerti bolup durýar.
Iş maslahatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow häzirki zaman ylmynyň aýratynlyklary, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň ylma bolan garaýyşlaryny höweslendirmek, sanly ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Alym Arkadagymyz häzirki döwrüň ylmyň zamanasydygyny belläp, ähli ugurlar boýunça ylmy ösdürmek, elektron söwdanyň işini kämilleşdirmek, intellektual eýeçiligi özleşdirmek, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini ýola goýmak işine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän işleriň derejesini we hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, Milli Liderimiz bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
«Türkmenistan» gazeti