ITALÝAN JAZ TOPARY TÜRKMEN ÝAŞ SAZANDALARY BILEN
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga oňyn Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasaty bu gün diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem ykrar edildi. Türkmen döwletiniň ähli pudaklarynda alyp barylýan işleriniň esasy ugurlarynyň biri goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşygyny berkitmeklige gönükdirildi.
Şu ýörelgelerden ugur alyp, 2024-nji ýylyň 18-29-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda geçirilýän Ýewropanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde daşary ýurt sazandalarynyň birnäçesi ýurdumyzda ýokary derejeli konsert çykyşlaryny geçirdiler. Belli sazandalar saparlarynyň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna gelip bu ýerdäki talyplar üçin ussatlyk we açyk sapaklaryny geçirdiler. Şeýle sapaklaryň biri hem noýabr aýynyň 19-20-ne italýan sazandasy Antonio Flint tarapyndan geçirilen ussatlyk sapagydyr. Bu ussatlyk sapagy şol ugurda bilim alýan sazanda ýaşlaryň kämilleşmegine peýdaly tejribelikleriň biri boldy.
Myhmanlar ilki bilen konserwatoriýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany sungat ussady Maýa Kulyýewanyň muzeýine baryp gördiler. Ol ýerde halypa Maýa Kulyýewanyň döredijiligi bilen birlikde türkmen milli saz gurallarynyň döreýişi, olaryň ses belentligi, käbir häsiýetli aýratynlyklary bilen ýakyndan gyzyklandylar.
Soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň jaz sazandalar topary birnäçe sazlary myhmanlar üçin ýerine ýetirdiler.
Sapagyň dowamynda meşhur pianinoçy, kompozitor, mugallym Antonio Flint çykyş eden ýaşlaryň ýerine ýetiren eserlerine özüniň gowy bahasyny berdi we öz sazandalar topary bilen ajaýyp jaz sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlar tomaşaçylar köpçüligi üçin örän täsirli we ýatda galyjy pursatlaryň birine öwrüldi.
Noýabr aýynyň 24-ne Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan jaz topary bilen konserwatoriýanyň talyp ýaşlarynyň bilelikdäki konserti hem köp adamly boldy. Konsert çykyşlarynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň häzirki zaman saz eserleri ýokary derejede ýaňlandy.
Şeýle ussatlyk sapaklarynyň we konsertleriniň yzygiderli geçirilip durmagy ýaşlaryň bu ugurda kämilleşip has-da öňe ilerlemegine oňyn netijeleri berýän peýdaly işleriň birididir. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi talyp ýaşlar üçin uly ähmiýetlidir.
Daşary ýurt sazandalary, kompozitorlary bilen şeýle işleriň geçirilmegi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň hem has-da pugtalandyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Çykyşlaryň dowamynda oňa gatnaşanlar Antonio Flinta we sazandalar toparyna eden ajaýyp çykyşlary hem-de beren peýdaly maslahatlary üçin sag bolsun aýdyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen ussady goldadylar.
Ussatlyk sapagynyň we dabaraly konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ýokary derejelerde bilim almaklary üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.