AÝDYM-SAZYŇ USSADY


AÝDYM-SAZYŇ USSADY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlynyň (Çuwal bagşy) doglan gününiň 135 ýyllygyna bagyşlap, «Aýdym-sazyň ussady» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz okuwçylara asyrlardan aşyp biziň günlerimize gelip ýeten bagşyçylyk sungaty hem-de ussat bagşy Çuwal bagşynyň aýdym-saza bagyşlanan ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdi. Mekdebiň zehinlije, sungaty söýýän okuwçylary hem dutar saz guraly bilen Çuwal bagşynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň birnäçesini uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitaplaryny kitap söýüji ýaşlarymyz uly gyzyklanma bilen okadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ussat bagşy-sazandalarymyzyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.