TÜRKMEN TELPEGI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylynda beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we täzeçe mazmunda baýlaşdyrmaga gönükdirilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Türkmeniň her bir milli mirasy özüniň çuň manylylygy, köptaraplylygy, durmuş hadysalaryny açyk beýan edip bilýänligi bilen buýsandyrýar.
Milli gymmatlyklarymyzyň biri hem telpekdir. Türkmen aga buýsançly başyndaky telpeginiň buýralaryny ykjadyp öňe çykanda, göz eglenýär. Şeýle owadan türkmen telpeginiň taýýarlanyş usullary her kimi-de gyzyklandyrsa gerek?!
Mälim bolşy ýaly, türkmen telpeklerini dürli görnüşde bolýar. Olar. «Silkme telpek», «depesi ýaýbaň telpek» «ýakbap telpek», «gyrpyk tüýli telpek», «çöwürme telpek» hem-de «gulakjyn telpek».
«Silkme telpek»-nusgasyna görä gaba bolýar.Ol entniki temitonal toparlaryň hersine görä atlandyrylýar. Ol nusga görä, depeli ýa-da şyrdakly taýýarlanylýar. Türkmen kowmunuň depeli telpekleri meňzeş däldir. «Depeli telpek» seçelenip duran, ujy buýraly tüýleri daşyna tikilendir. Ahal sebitiniň telpekleri beýgiräk hem şyrdakly taýýarlanylýandygy bilen tapawutlanýar. Bu silkme telpekleriniň daş görnüşi süýrüräk bolandygy üçin olara «dik telpek» hem diýilýär.
«Şyrdakly telpek» diýilmeginiň sebäbi onuň depesine bagana mata ýa-da deriniň tüýi içine edilip depe tikilýär.
Ýurduň günbatarynda ýaşaýan türkmenleriň telpegi hem günorta we günorta-gündogar türkmenleriňki ýaly tüýleri uzyn, buýra-buýra bolup seçlenip duran tokly dersinden tikilýär. Daş görnüşi boýunça pes hem tegelek bolýar. Şonuň üçin oňa «tegelek telpek» hem diýilýär. Bu hem depeli ýa-da şyrdakly tikilýär.
Daşoguz sebitiniň telpeginiň depesi has ýaýbaňdyr. «ýakabap telpek» diýlip «silkme», «çöwürme», «ýakabap» hem-de gyrpyk tüýli «zömmek» telpekleri geýýärler. «çöwürme telpek» ülňüsine görä gümmez görnüşde, zömmek bolýar. Ol dürli baganadan, «ýakabap» deriden ýa-da gytyk tüýli goýun derisinden bolýar. «Çöwürme telpegi» diýilmeginiň sebäbi, deri çöwreligine, ýagny tüýi içine edilip tikilýär. Ol «Şyrdak», «şypyrma», «ýatyş telpegi» diýibem atlandyrylýar. Ýaşulular ýatanlarynda, köplenç, «şypyrma» geýip ýatýarlar. «Çöwürme telpegi» ýany bilen depesi bitewülikde, dört bölekden hem-de parawuzdan ybaratdyr. Onuň tüýi astar bolup hyzmat edýär. etegine tüýi daşyna edilip tutulýar. «Gyrpyk tüýli telpek»–onuň biçilişi we tikilişi hem «silkme», «zömmek», «depesi ýaýbaň» telpekleriniňki ýalydyr. Ol esasdan, astardan hem-de içlikden ybaratdyr. Onuň esasy ýüňi gyryk tüýli deriden bolýar. Içligi keçeden kenep matasyndan ýa-da ýörite niýetlenen emeli jir, ştapel ýa-da astarlyk emeli matalardan bolup, ol esasa görä biçilýär.
«Gulakjyn telpek»-ol türkmenleriň ýaşaýyş durmuşyna 1950-1960-njy ýyllarda ornaşyp, soňabaka millileşip gitdi. Şol döwürde bagana telpegi ýoň bolup, häzirki döwürde öz ähmiýetini ýitirenok. Samyr ýaly jandarlaryň derisinden tikilýän gulakjyn telpekler 1960-1980-nji ýyllarda ýoň bolup başlady. «Gulakjyn telpek» daş görnüşine görä, gaşly (dik gaşly) gulakly hem dik görnüşde bolýar. Ol ulanylýan derisine görä atlandyrylýar. Meselem: «bagana telpek», ýagny «sur bagana», «çal bagana», «gara bagana», «mele» ýa-da «goňur bagana» telpekleriň «samyr telpek» «towşan telpek», ýagny «ak towşan telpegi» ýa-da «gara towşan telpegi» we ş.m. Esasy bölekler maňlaýlyk (oňa «gaş» hem diýilýär), çep we sag gulak, ýeňselik hem-de şyrdak (oňa kä halatlarda «telpegiň börügi» hem diýilýär). Maňlaýlyk çep we sag gulak hem-de ýeňselik içki we daşky böleklerinden durýar. Şyrdagy bolsa ýandan we depeden ybaratdyr ýa-da ol bitewi biçilendir. Depesi bilen bitewi bolan şyrdak dört bölekden düzülýär.
Umuman, bu ajaýyp telpekleriň 15-e golaý görnüşi bar. Telpekler gara we ak görnüşli bolýar. Gara telpekler garaköli goýnuň, ak telpekler bolsa saryja goýnuň derisinden tikilýär. Ýyl bereketli gelen wagtynda 2 aýlyk toklynyň derisini hem telpek üçin alsaň bolýar. Eger mal hor bolsa, onda 4 aýlyk toklynyň derisini telpek üçin tikmäge ýaraýar.
Telpeklik üçin niýetlenen deriniň duzuny gowy ýetirmeli. Çünki duzy gowy ýetirilmedik näçe eýleseň hem asylky tabyna getirmek juda kyn. Derini gowy eýlemek üçin nar gabygy ýa-da arpa uny ulanylýar. Derä arpa ununy suýuldyp çalybermeli. Bu iş 6-7 güne çekýär. Deri soň päklik üçin gowy edilip ýuwulýar. Sabyn bilen hem birnäçe gezek ýuwlup, gowy arassalanýar. Şondan soň deri işlenilýär. Telpek tikýän ussalaryň gürrüňlerine görä, bir deriden iki sany telpek çykarmak mümkin.
Milli mirasymyzy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!