ÝAŞ ÝAZYJYLAR BILEN KITAP BARADA SÖHBETDEŞLIK


ÝAŞ ÝAZYJYLAR BILEN KITAP BARADA SÖHBETDEŞLIK

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýaş alymlar geňeşiniň gurnamagynda «Diýar» žurnalynyň edebi işgär goşgy ýazyjysy Jumageldi Annaýew bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Bu duşuşyga konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň başynda Jumageldi Annaýew özüniň zähmet çekip işlän ýyllaryndan gyzykly gürrüňleri berdi. Onuň ilki hünäri harby gullukçy bolsa-da, özüniň erjelligi netijesinde birnäçe goşgularyň awtory, žurnalist işini ele aldy. Söhbetdeşligiň dowamynda myhman žurnalistiň hem-de habarçynyň tapawutlylygyny birnäçe mysallaryň üsti bilen düşündirdi. Ýagny, her bir işe tutanýerli ýapyşylmalydygyny, ýadowsyz zähmet çekmelidigini talyplara ündäp geçdi. Söhbetiniň soňunda özüniň Rubagylar, söýgi hem-de beýik şahyryň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan goşgusyny okap berdi. Soňra konserwatoriýanyň «Ýaşlar we sungat» gazetine içgin seredip, syn berdi. Gazetde ýazylan makaladyr goşgulara uly baha berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda «Nesil» gazetiniň habarçysy Türkmen Döwlet Magtymguly adyndaky uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Mahtumow Muhammetnura söz berildi. Sözüniň başynda Muhammetnur kitap okamaklygyň peýdaly gürrüň berip, okamaklyk üçin birnäçe kitaplary maslahat berdi. Olardan beýik şahsyýetleriň Jelaletdin Rumy, Gurbanazar Ezizow, Kemine, Magrupy, Mätäji, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Kerim Gurbannepesow, Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgularyndan mysal getirdi. Sözüniň ahyrynda kitap okasaň dil baýlygynyň köp ösmegini hem-de adam bir günüň dowamynda 5 minut kitap okasa 1 ýylyň içinde 5 kitaby gutaryp biler diýip öz tejribesinde nygtap geçdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda talyplar myhmanlaryň beren ajaýyp, peýdaly maslahatlaryna sag bolsun aýtdylar. Geçirilen duşuşyk diýseň gyzykly hem täsirli geçdi.



Gülkamar DÖWLETOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby