ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK


ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär

26-njy noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Türkmenistan bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirip, sebit hem yklymüsti döwrebap ulag düzüminiň kemala getirilmegine goşant goşýar.

«Türkmenistan» gazeti