GÜNEŞ ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDAN ATLY SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Kiçi synp bölümi paýtagtymyzda ýerleşýän «Bagtyýar Nesiller» 74-nji orta mekdebinde «Güneş žurnalynyň sahypalaryndan» atly synyny geçirdi. Bu çärede Güneş žurnalynyň gyzykly sahypalaryndan gürrüň berildi. Onuň sahypalarynda ýerleşdirilen türkmen ýazyjylarynyň tebigat, gözel Watanymyz barada döreden ajaýyp eserleri, goşgularydyr, tapmaçalardyr, nakyllar, sanawaçlar, gyzykly ertekileriň şeýle hem haýwanat dünýäsi barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de älem syryny özünde jemleýän kitap ynsan kowmunyň hemişelik hemrasy bolmak bilen, çagalary döwrebap terbiýelemekligiň baş serişdesi, olaryň açary hasaplanýandygyny çagalara düşündirdi. Şonuň üçin hem körpe nesli kitapdyr, žurnallar bilen dostlaşdyrmak, olary bu sogap işe imrindirmek kitaphanaçylaryň borjudyr. Şeýle-de synyň dowamynda Güneş žurnallaryndan sergi gurnaldy.
Çärämiziň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.